Näsazlyk
Enjamyň uzak wagtlap
işläp durandygyna
garamazdan howanyň
hili gowulanmaýar.
Enjamdan birgeňsi ys
çykýar.
Enjam gaty sesli işleýär.
Süzgüji çalyşdym, emma
enjam henizem süzgüji
çalyşmalydygymy
görkezýär.
Ýyladyş funksiýasy
işlemeýär.
286 TK
Ähtimal çözgüdi
• Gaplaýyş materiallarynyň süzgüçden aýrylandygyny barlaň.
• Enjama süzgüjiň dakylyp-dakylmandygyny barlaň.
• Datçigiň örtüginiň ýüzüni mata ýa-da tozan sorujy bilen arassalaň;
Datçigiň örtügini açmaň ýa-da iç ýüzüne degmäň.
• Otag aşa uly ýa-da daşardaky howanyň hili ýaramaz. Arassalamagyň iň
oňat netijeliligi üçin enjamy işledeniňizde gapylary we äpişgeleri ýapyň.
• Binanyň içinde hapalaýjylaryň çeşmeleri bar. Mysallaryň arasynda çilimiň
tüssesini, nahar bişirileninde çykýan tüssäni, ys berijileri, atyry we spirti
görkezmek bolar.
• Süzgüjiň hyzmat ömri tamamlanypdyr. Süzgüjiň ýerine täzesini dakyň.
• Enjamy birinji gezek ulananyňyzda ondan plastmassanyň ysy çykýar. Bu
adaty ýagdaýdyr.
• Enjamdan ýanyk ysy çyksa, ony dessine tokdan aýryň we enjamyň içinde
del närseleriň gaçyp-gaçmandygyny barlamak üçin ony başaşak öwrüň.
Hiç zat tapylmasa, öz Philips dileriňize ýa-da ygtyýarly Philips tehniki
hyzmat merkezine ýüz tutuň.
• Süzgüç birneme ulanylandan soň ys çykaryp biler, sebäbi ol binanyň
içindäki gazlary özüne siňdirýär. Süzgüji gaýtadan ulanmak üçin ony
gönüden-göni gün şöhlesiniň aşagynda guratmak arkaly süzgüji
gaýtadan işjeňleşdirmek maslahat berilýär. Ys aýrylmasa, süzgüji çalşyryň.
• Ýokary tizligi saýlasaňyz, galmagalyň derejesi ýokary bolýar.
• Howa çykalgasyna islendik bir zat gaçsa, ol hem adaty däl gaty ses
çykmagyna ýol açyp biler. Enjamy dessine öçüriň we del närseleri aýyrmak
üçin ony başaşak öwrüň.
• Adaty däl ses bar bolsa, öz ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek
boýunça merkeze ýüz tutuň.
• Ähtimal, süzgüjiň hyzmat ömrüni hasaplaýjyny nol eden dälsiňiz. Enjamy
açyň. Soňra
düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň.
• Howa girelgesiniň ýa-da howa çykalgasynyň beklenmändigini barlaň.
• Süzgüjiň ýüzüniň çendenaşa hapa däldigini we howanyň akymyny
bökdemeýändigini barlaň. Şeýle ýagdaýda enjamy goramak üçin ýyladyş
funksiýasy işlemän biler.